Bilelikdäki özara bähbitli işler

3 Mart 2021
1316

Hormatly Prezidentimiz BMG we onuň edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berýär. Möhüm ähmiýetli işler bilelikde kabul edilýän resminamalaryň çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň hatarynda «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly Bilelikdäki maksatnama hem bar. Bu maksatnamany Türkmenistanyň hökümeti we BMG bilelikde durmuşa geçirýär. Oňa esasy hyzmatdaş bolup Türkmenistanyň Zähmeti we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, ýurdumyzyň käbir beýleki ministrlikleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleri gatnaşýarlar.

Ýokarda ady agzalan maksatnamanyň çäginde ýerlerde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda welaýat merkezinde nobatdaky okuw maslahaty geçirildi. Oňa durmuş hyzmatyny amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýerli bilermenleri Amangeldi Gapbarow we Agamyrat Razyýew çykyş etdiler. Täsirli guralan çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar durmuş işi we ony dolandyrmak boýunça hünär derejelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik aldylar.

Mämmet GYLYJOW.
Beýleki habarlar