Çykalga (hekaýa)

2 Mart 2021
1281

Sährajygyň ýaşaýan howlusy mydama bagy-bossanlyga bürenip otyr. Aýratyn-da al-elwan güller dessine gözüňi egleýär. Sähranyň ejesi gülleri gowy görýän-de bolsa, howludaky gülleriň ählisini diýen ýaly kakasy ekipdi. Megerem, ejesiniň gülleri gowy görýändigi üçin şeýden bolaýmasa. Ir baharda ýaşyl ýapraklaryň arasyndan gyzarypjyk görnüp ugran gunçalaryň basymrak gül açmagy islenýär. Bu gözelligi her gün görmegiň özem bir bagt ahyryn. Sährajygam şol gunçalaryň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol hem edil ejesi ýaly gülleriň aşygy.

Bu gün howa adatdakysyndan has mylaýym, has jana ýakymly. Dynç güni bolansoň, hemmeler öýde. Saçagyň başynda kakasyny görmänsoň, Sährajyk daşaryk howlugdy. Çykan badyna-da gözi ilkinji açylan gyzyl bägüle düşdi. Ol begenjinden el çarpyp pyrlandy. Onuň şatlykly sesine jigileri Sonajyk bilen Myratjyk hem ylgap daşaryk çykdylar. Sährajyk bägüli öwran-öwran ysgady. Sonajygam onuň hereketlerini gaýtalady. Myratjygyň bolsa owadanja güli elläp göresi geldi. Sährajygyň bu täzeligi ejesine buşlamak üçin ýöräp ugranam şoldy welin, Sonajygyň:

Enejan ANNADURDYÝEWA.
Beýleki habarlar