Ýurdumyzyň abraýyny beýgeldýän ýörelgeler

1 Mart 2021
1271

Ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlap, nurana geljeginiň berk binýadyny goýýan agzybir türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesine uly taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyz bolsa merdana halkymyz üçin iň mukaddes gymmatlyklaryň biridir. Sebäbi Garaşsyzlyk ýurdumyzyň özbaşdaklygynyň, berkararlygynyň kepilidir, okgunly durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň mizemez binýadydyr.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň giň mümkinçiliklerini üstünlikli peýdalanyp, onuň gazananlaryny has-da pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyz hoşniýetlilige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer döwlet syýasatyny nusgalyk derejede durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleriniň halkara ähmiýetli taryhy wakalary, ýagny Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermeginde Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmegi şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Halkara hem-de taryhy ähmiýetli bu taslamalar hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, dostlukly, özara bähbitli ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenýändigini tassyklady. Şol bir wagtda, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň wezipe-borçlaryna, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan daşary syýasat ugrunyň netijelidigini, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezen bu taryhy wakalar berkarar Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini has-da artdyryp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çuň mazmunly şygaryny dabaralandyrýar.

Kakageldi AGAÝEW,
Türkmenbaşy şäher prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar