Şirin tilli söwdügim ýa-da Magtymgulynyň goşgularynda türkmen tebigatynyň waspy

28 Fewral 2021
888

Söz äleminiň ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy barada söz açylanda, ilki bilen, pederlerimiziň ilhalar, ylymly-bilimli, asylzada, akylly nesilleri terbiýelemekde, abraýy arşa galan berkarar döwleti gurmakda, ynsanperwer ýol-ýörelgeleri dowam etdirmekde salgylanan nusgalyk mekdebiniň düýbüni tutujy akyldaryň, edebiýat ägirdiniň merdana keşbi göz öňünde janlanýar.

Pasyllaryň soltany bolan ýaz paslynyň türkmen tebigatyna gadam basmagy bilen baglaryň pyntyk ýaryp, maýsalaryň garyş-garyş ösmegi, daş-töweregimiziň ýaşyl dona bürenip, köz ýaly gyrmyzy güllere bezenmegi, şeýda bilbilleriň kah-kah urýan nagmasy kalbyňda heýjanalyk duýgusyny döredýär. Uly bol, kiçi bol, parhy ýok, näçe ýaşdadygyňa garamazdan, tebigatyň bu jadylaýjy keşbi biziň her birimizi özüne bendi edýär. Megerem, bahar-ýazyň maýyl ediji şeýle täsiri döredijilik bilen senetçiligi bir galyba salyp bilen ussat şahyryň joşgunly köňlüne hem ylahy ylhamy bagyş edip, şirinden labyzly şygyrlary ýazdyran bolmaly. Munuň şeýledigi Magtymgulynyň ýazan, döreden, dilden-dile geçip, nesillere miras galan goşgularynda hem öz beýanyny tapýar.

Almagül GULOWA,
Akdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar