Adamzadyň baş gymmatlygy hem baýlygy

24 Fewral 2021
1367

Parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Bu gymmatlyklar hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk ýörelgeleri türkmen Lideriniň öňe sürýän başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, dünýä boýunça parahatçylygyň pugtalanmagyna öz goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. 

Ata Watanymyz özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda halklaryň bähbidine gönükdirilen iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar.

Rüstem SÄHETTAGANOW,
Balkanabat şäher salgyt bölüminiň salgyt inspektory.
Beýleki habarlar