Rowaçlygyň ak ýoly

24 Fewral 2021
1397

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Parahatlyk — ösüşleriň ak ýoly» ady bilen geçirilen maslahatda çykyşlara giň gerim berlip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň halkymyzyň buýsanjyny artdyrandygy baradaky söhbet şol çykyşlaryň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäde uly goldawa eýe bolýan döwlet syýasatynda ählumumy parahatçylygy berkitmek, hoşniýetliligi we birek-birege ynanyşmagy dabaralandyrmak asylly ýörelgeler bolup durýar. Dünýäniň iň abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan bu ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk esasyny düzýär, dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzy berkidip, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Maslahatyň dowamynda şular barada hem giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi baradaky arzuwlar aýdyldy.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar