Ylym — uly güýç

24 Fewral 2021
1966

Hormatly Prezidentimiziň golaýda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň meselelerine bagyşlap geçiren iş maslahaty bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda döwletimiz bu ugry ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil, döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Iş maslahatynda, aýratyn hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň işi bilen bagly berlen tabşyryklar geljekki işimize özboluşly badalga berdi.

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar