Ejemiň täsin tapmaçasy (Hekaýa)

22 Fewral 2021
1426

... Seret muňa, oba diýmäge diliňem baranok. Giň-giň köçeleriň iki ýan tarapynda köşgi-eýwan ýaly jaýlar, kerwensaraý ýaly howlular, bazar-dükanlar, awtoulaglaryň akymy... Şu günki günüň obasynyň şäherden kem ýeri ýok.

Ozallar, biz çagakak welin... Siz göz öňüne getirjek boluň, daşy saman suwagly, pagsadan bina edilen iki otagly tam. Iki otagly diýýänim, ilki bilen, jaýyň dik ortasyndaky işiksiz-gapysyz telär ýaly girelgeden girersiň welin, sag tarapda bir otag, çepiňde-de bir otag... Sag tarapdaky otagda, köplenç, biz — ekabyr çagalar, çepdäkide-de ejem, kakam hemem kiçijik jigilerimiz — çülpe çagalar bolýardy. Penjireleri hem bosagasy güneý tarapa — günorta bakyp duran biziň bu süýnmek uzyn tamymyza meňzeş jaýlar hatar tutup oturardy. Tamymyzyň sag ganatyna ýanalyp-ýabşyrylyp galdyrylan inli hem beýik basgançaklar bar. Şol basgançaklardan basyp, üçege çykyp bolýar. Elbetde, uly adam bolmasaň, aňsat däl... Ýöne hernäme-de bolsa, käte-käte dyrmaşyp, dyrjaşyp, biri-birimiziň elimizden çekip, üçege çykardyk... Bu pursat biziň üçin hiç bir zat bilen deňäp bolmaýan açyşdy, ýeňişdi... Oba eliň aýasynda ýaly... Baglara bürenip otyr... Sergin şemala ellerimizi gerip, ýukajyk köýneklerimiziň pasyrdysyna melul bolup, hyýalymyzda alys menzillere uçýardyk...

Ahmet HALMYRAT,
ýazyjy.
Beýleki habarlar