Döredijilik menzilleri

16 Fewral 2021
984

Şygryýet älemi täsin dünýä çalym edýär. Bu äleme seýli-seýrana çykanyňda, söz diýilýän gudratyň jadysyna, gözelligine aşyk bolmazlyk mümkin däl. Şahyrlaryň şahyrana kalbyndan joşup çykýan sözler şygryýet dünýäsiniň bezegine öwrülip, ynsan ýüregini ýakymly duýgudan doldurýar.

Annageldi Källiýew hem indi onlarça ýyllar bäri öz goşgulary bilen türkmen şygryýetiniň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşup gelýär. Baryp-ha obalaryndaky 6-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýarka-da, ol goşgy ýazan eken. Ol çagalyk ýyllaryndan başlap goşgy ýazmak, aýdym aýtmak, matematikany öwrenmek bilen yzygiderli meşgullanypdyr. Şol ýyllarda, has takygy, 5-nji synpda okaýarka Annageldi Källiýew matematika ugrundan etrap boýunça geçirilen olimpiadada ýeňiji bolupdyr. Şeýle hem, 5-nji synpdan başlap, ol eline mandolina saz guralanda aýdym aýtmagy öwrenipdir. Çagalykda gursagyňa ornan, ruhy syrdaşyňa öwrülen söýgi — şygryýete, çeper söze, sungata söýgi hiç haçan öçmeýär. Munuň şeýledigini şahyryň çagalyk ýyllaryndaky ilkinji synanyşyklarynyň mysalynda hem göz ýetirip bolýar.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri
Beýleki habarlar