Ýükçi

16 Fewral 2021
900

Ähli döwürde-de janly-jandar, bag-bakja, ekin-dikin üçin, umumy adamzat ýaşaýşy üçin suw ilkinji zerurlyk bolupdyr. Dagyň eteginde kärizleri gazyp, daýhanlar suwaryş işlerinde ulanypdyrlar. Derýalardan, howdanlardan suw akabalaryny çekip, tekiz ýerlerde ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Iri suw akabalaryndan birnäçe menzil ýaplary gazyp, ilatly ýerlere getiripdirler. Şol ýaplary gazmak üçin ýer tekizliginde ýapgyt ugurlary bilmek kyn bolupdyr. Suw akymynyň ýapgyt ugurlaryny bilmek üçin ata-babalarymyz özleriçe usul oýlap tapypdyrlar.

Suwaryş ýaplaryny çekmezden ozal ýeriň pes ýerini anyklamakda adamlar aglaba, eşegi ulanypdyrlar. Onuň üçin kürreli eşegi ot-iým bermän, iki-üç günläp aç saklapdyrlar. Eşegi münüp derýadan, howdandan ýa-da uly suw akabasyndan saka aljak ýerine gidipdirler. Gaýdyşyn eşegiň üstüne iki çuwal çäge ýükläp gaýdypdyrlar. Üsti agyr ýükli eşek hiç mahal beýik tarapa dyrmaşmaýar. Ol hem açlygyndan hem kürresini küýsäp, ýeriň ýapgyt ugruna tarap ýapbyldap gaýdýar. Ine, şeýdip, onuň ýörän yzyny belläp, soň şol ugur boýunça ýaplary gazypdyrlar. Suw baran ýerde bolsa, dürli ekinleri ekipdirler.

Nurmuhammet HUDAÝNAZAROW,
Wekilbazar etrabynyň Halyl geňeşligi, mirasgär
Beýleki habarlar