Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

31 Ýanwar 2021
983

Garaşsyzlyk ýalkymy dünýä nurun saçanda,
Bitaraplyk il-günmüň ak bagtyny açanda,
Bagtyýarlyk günleri Güneş ýaly guçamda,
Ynsanperwerlik ýolda ak daňlaryň atany,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Parahatlyk halkyň bagty, ýakymly sazy bar,
Goňşy-goňşa goldaw etse, egsilmez many bar,
Türkmenistan gül mekan, parahat asmany bar —
Özgerýär öňe ädip, ýagşylykda bekäni,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA.
Beýleki habarlar