Şygyr bossanynyň ussady

11 Ýanwar 2021
1403

Ajaýyp ylmy açyşlary, kämil şygyr, kyssa, pelsepe we sungat eserleri bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamzadyň medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan parasatly atalarymyzyň döredijilik mirasy Zeminiň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhynda uly meşhurlyga eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe şeýle ruhy gymmatlyklary miras galdyran danyşment-alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik dünýäsini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ýola goýuldy. Çünki olaryň her biriniň döredijilik mirasy giden bir ruhy-edebi ummandyr. Şol eserler öz döwründe halka ruhy goldaw berip, ony ýagty geljege atardy. Ol eserler diňe bir ata-babalarymyzyň taryhy belentligini we şöhratyny dikeltmek üçin däl, eýsem, beýik geljegimiziň esaslaryny berkden tutmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gojaman taryhyň bize ýetiren şeýle nepis eserleri bagtyýarlyk döwrümiziň medeniýetiniň barha çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, täze eserleriň döremegine, şeýle hem ýaş nesillerimizi atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly terbiýelemäge öz täsirini ýetirýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.
Beýleki habarlar