Parahatçylyga, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat

4 Sentýabr 2024
86

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, şu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, her bir türkmenistanlynyň geljeginiň aýdyň boljakdygyna ynamyny berkitdi. Çünki Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt uly gymmatlykdyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamagydyr, arkaýyn zähmet çekmek we nesilleri erkana terbiýelemek mümkinçiligidir. Ýeri gelende, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edilip, ýaýradylandygyny ýatlamak diýseň ýakymly.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesine esaslanýan Garaşsyz döwletimiz halkara meseleler çözülende, syýasy-diplomatik serişdeleriň ileri tutulyp ulanylmagy baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, adamyň hukuklaryny goramak, ekologiýa ýaly derwaýys ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen teklipleri, garaýyşlary we täze başlangyçlary häzirki wagtda dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar