Sapak bolan duşuşyk (Gülküli kyssa)

25 Iýul 2024
288

Ýaňy bir ýaş ýazyjy hökmünde okyjylaryň gözüne ilip başlan uçurlarym bir mekdebe duşuşyga çagyrdylar. Menem oňa barmankam uly höwes bilen taýýarlandym. Ýazyjylardan soralaýjak zatlary kellämde aýlap çykdym. Hatda halypalaryň duşuşyklarda aýdan jaýdar sözlerindenem öwrendim. Bireýýäm tanymal bolan şahyrlaryň her bir okyjynyň göwnüne jüňk bolaýjak goşgularyndanam käsini ýat bekledim. Okyjy, onda-da mekdep okuwçysy bir zat soranda jogap berip bilmän durmak ýazyjy adyňa gelişjek zat däl-dä.

Barmaly wagtym mekdebiň gapysyndan ätledim. Mugallymlaram, okuwçylaram gara gadyr bolşup garşyladylar. Duşuşygyň geçýän ýeriniň — dabaralar jaýynyň içi edil muzeý ýaly-da. Her sapaga degişli görkezme esbaplaryny, tejribe enjamlaryny gowy edip goýuşdyrypdyrlar. Olary görüp mekdep döwrüm ýadyma düşüberdi.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar