Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

24 Iýul 2024
185

...Her bir halkda özboluşly myhman kabul etmek dessurlary bar. Myhman garşy alnanda, oňa ilki bilen duz-çöregiň hödür edilmegi şol däpleriň iň gadymysydyr. Myhman kabul etmegiň gadymy däpleri halk döredijilik eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr. Eserlerde myhmançylyk däplerine ýygy-ýygydan duş gelinýär. Halkymyzyň toý däp-dessurlary myhmansöýerlik, açykgöwünlilik, sahawatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, rysgally-döwletli ýaşaýşyň binýadynyň hut şol häsiýetlerdedigini açyp görkezýär. Orta asyr danalarynyň ýazgylaryndaky: «Myhman Allanyň ynsana ugradan sowgadydyr. Kim myhmany sylasa, onuň-da nygmatlary köp bolar» diýen sözler halkymyzda «Myhman öz rysgaly bilen gelermiş» diýen görnüşde beýan edilýär. Gorkut atanyň: «Myhman gelmeýen öýüň bolanyndan bolmadygy ýeg», Magtymguly akyldaryň:

It gözlemez, pişik bakmaz,
Supra ýazylmagan ýerde —

Beýleki habarlar