Akyldaryň şygyrlarynda mertligiň waspy

24 Iýul 2024
179

Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» atly kitabynda: «Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar» diýip, jaýdar belleýär. Magtymguly döredijiliginiň bütin dowamynda halkyna ruhy-ahlak sypatlary, merdi-merdanalygy ündäp gelipdir. Şeýlelikde, dana akyldar şahyryň galamyndan çykan setirler nesilleri ene topragyny, Watanyny jany-teni bilen söýmäge ruhlandyrypdyr. Mysal hökmünde akyldaryň «Başy gerekdir» goşgusyna ýüzleneliň! Bu goşguda şahyr merdana ýigitlere ýedi jandaryň häsiýetiniň mahsus bolmalydygyny ündäpdir:

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
Tilki kimin bazy berse her ýana,
Duranda gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar