«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bütindünýä emeli aň konferensiýasyna gatnaşdy

22 Iýul 2024
529

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçen Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşdy.

Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebiniň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary, şeýle-de, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Hytaýyň iň uly senagat we söwda merkezleriniň biri bolan Şanhaý şäherinde boldular.

Beýleki habarlar