Türkmenistanda gümrük edaralaryna ulag serişdeleri we harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi

12 Iýul 2024
281

2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar