"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoduşuşyklar AŞGABAT, 17-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoduşuşyk geçirildi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Bagtyýarlygyň goýnunda

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk dost-doganlyk diýmekdir, hoşniýetli goňşuçylyk, asuda we abadan durmuşdyr. Gözel Diýarymyzyň obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň şertine öwrülip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär hem-de baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşlere eýe bolmagyna giň mümkinçilik açýar.

Parahatçylyk döredijiligiň nusgasy

Baky Bitarap Türkmenistan daşary syýasatda hoşniýetli, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen beýik taglymatynda döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri aýdyň beýanyny tapýar. Parahatçylygy pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri maksadalaýyk durmuşa geçirýär. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen ynanyşmak esasynda syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Parahatçylygy baýdak edinýän ýurdumyz bilen uzak möhletli we köp ugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalar barha artýar. Parahatçylyga, agzybirlige, birek-birege ynam halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Bütin adamzadyň naýbaşy arzuwlaryna, beýik maksatlaryna öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak halkymyzyň müňlerçe ýyl dowam edip gelýän ynsanperwer häsiýetleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ynsanperwer häsiýetler türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip gidipdir. Parahatçylygy goramak — ata-

Türkmenistan we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: baş maksat — sebitiň abadançylygy

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzalygyna kabul edildi. Her bir ýurduň dünýä giňişliginde eýeleýän taryhy ornunyň bolşy ýaly, döwletleriň daşary syýasatynda halkara guramalaryň-da öz ähmiýeti bolýar. Türkmenistanyň halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy, türkmen Bitaraplygynyň taryhy tejribesi barada gürrüň edenimizde, biz käbir halkara guramalaryň atlaryny ýygy-ýygydan gaýtalaýarys. Şolaryň biri-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Belli bolşy ýaly, hut şu guramadan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmeginiň ilkinji ädimleri başlanypdy. Ilkinji gezek öz daşary syýasy ugrunyň esasy hökmünde oňyn Bitaraplyk ýörelgesini saýlap alýandygyny 1992-nji ýylyň iýulynda häzirki Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Helsinkide geçirilen sammitinde mälim eden Türkmenistan bu özboluşly hukuk derejesini ykrar etdirmek üçin halkara forumlaryň birnäçesinde anyk garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi. Ýeri gelende bellesek, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen sammitiniň jemleýji Jarnamasynda Türkmenistanyň daşary syýasatdaky Bitaraplyk

Ynanyşmak taglymaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge we ynanyşmagy pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Bu hakykat ata Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy wakalara beslenýän üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynda hem doly şöhlelenýär. Türkmen halkynyň parahatçylyk we ynanyşmak bilen bagly asylly ýörelgelerini dowam etdirýän milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda ylalaşdyryjylyk we baý döredijilik kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan tutuş ynsanyýet bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürýär. Giň halkara jemgyýetçilikde öz garaýyşlaryny ynamly beýan edýän Bitarap Watanymyz ähli halklary jebislige çagyrýar hem-de döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek arkaly, güýçleri baş maksada — ählumumy abadançylygy gazanmak üçin gönükdirmäge saldamly goşant goşýar. Bu ugurda öňde duran möhüm wezipeleri çözmek babatda bolsa, ýurdumyz tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge we ynanyşmagy kemala getirmäge aýratyn üns berýär.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyz dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan milli bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenmegi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Bu ýylyň ady Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek arkaly halkara giňişlikde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýlelikde, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna halklaryň tagallalaryny birleşdirmäge bolan özboluşly çagyryşdyr. Parahatçylyk abadançylygyň we ösüşiň möhüm şertidir. Parahatçylyga we ýurtlaryň özara ynanyşmagyna daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň-de esasy şertleriniň biridir.

Üstünliklere beslenýän işler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açdy. Türkmenistan döwletimiziň adynyň dünýä ýaýylmagy, ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe bolmagy milli Liderimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkara derejesinde geçirilýän çärelere giň gerim berilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda: «Ähli pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary ulandyk. Innowasion-önümçilik düzümlerini döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bardyk. Netijede, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün etdik» diýip belledi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 12-nji mart (TDH). Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.

Rowaçlygyň belentliklerine tarap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda güneşli Diýarymyzyň dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny tassyklaýan halkara ähmiýetli taryhy wakalar, ajaýyp üstünlikler mähriban halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Berkarar döwletimiziň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň okgunly ösýän ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär hem-de pugtalandyrýar. Şu aýyň başynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitinde üstümizdäki ýylda biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň netijeli boljakdygyna hem-de onuň çäklerinde amala aşyryljak başlangyçlaryň tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirildi. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşup, EKO girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 11-nji mart (TDH). Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bitaraplygymyzyň ähmiýeti barha artýar

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri Bitaraplygyň esas goýujy ýörelgelerine daýanyp, hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çuň mazmun bilen baýlaşýar. Şu geçen döwrüň içinde parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özeni bolup gelýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle hukuk ýagdaýy berlen ilkinji döwlet bolmak bilen, halkara hukugyna laýyklykda, gelip çykyşy boýunça hemişelikdir, mazmuny boýunça oňyndyr, ýagny munuň özi döwletiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Hoşniýetlilik we parahatçylyk ýörelgesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Şu ýylyň özi iki düşünjäni, parahatçylygy we ynanyşmagy birleşdirip, bir bitewi gymmatlyga getirýär. Munuň özi baky Bitaraplyk syýasatymyzyň özenini düzýär. Baky Bitaraplyk — munuň özi deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň esasydyr. Baky Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdir we ol milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň binýadynda durýar. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de milli bähbitleri goramagyň, durnukly gatnaşyklary ýola goýmagyň girewidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä döwletleriniň tagallalaryny parahatçylyk döredijilik ugra gönükdirmekde görnükli orun eýeleýär. Türkmen döwleti sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Berkarar döwletimiziň toplumlaýyn alyp barýan daşary syýasaty aýdyň ýörelgelere hem anyk maksatlara esaslanýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 10-njy mart (TDH). Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Joşgunly ýürekleriň owazy

Welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Watan Bitaraplygy — parahatlyk gözbaşy» ady bilen höwesjeň ýaş kompozitorlaryň we estrada aýdymçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ussatlyklaryny artdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek onuň esasy maksady boldy. Bäsleşikde höwesjeň ýaşlar täze döreden aýdym-sazlaryny ýekelikde we köpçülikleýin ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde emin agzalary ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň many-mazmunyna, döwrebaplygyna, aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik we sahna ussatlygyna aýratyn üns berdiler. Netijede, Türkmenbaşy etrabynyň höwesjeň aýdymçylar topary baş baýraga mynasyp boldy. Magtymguly etrabynyň aýdymçylar topary birinji, Balkanabat şäherinden gatnaşan topar ikinji, Hazar şäherinden gelen topar üçünji orunlary eýelediler.

Parahatçylyk we ynanyşmak: ählumumy ösüşiň gözbaşy

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek we ynanyşmagy kemala getirmek arkaly bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Munuň özi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda amala aşyrylýan sebit we dünýä ähmiýetli işlerde hem doly şöhlelenýär. Şu ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna resmi taýdan badalga berilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we özara düşünişmegi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde öňe sürlen bu başlangyç ähli halklar üçin parahatçylygy goldamaga we ynanyşmagy berkitmäge çagyryş bolup dünýä doldy. Bu başlangyç halkara bileleşigi tarapyndan bütin dünýäde tüýs ýürekden makullanylýar hem-de uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu babatda öňe sürýän her bir başlangyjy, netijeli alyp barýan daşary syýasat işi bütin dünýäde ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi umumadamzadyň üns merkezin

Gymmatly hazyna

Ylym-bilim adamlar üçin ýol-ýörelgedir, jemgyýetiň ösmeginiň, kämilleşmeginiň möhüm şertidir. Şonuň üçinem Diýarymyzyň Garaşsyzlygy gazanylanyndan bäri geçen otuz ýyla golaý wagtyň içinde ylym-bilimi ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda möhüm çäreler durmuşa geçirildi. Umumy orta bilimiň 12 ýyllyk möhlete geçirilmegi, ylym-bilim ojaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, täze orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň açylmagy, bilim edaralarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maddy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilmegi, täze dersleriň okuw meýilnamalaryna girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmeklige we kämilleşdirmeklige degişli kararlaryň birnäçesini kabul etdi. Milli Liderimiz öz çykyşlarynda bilimiň jemgyýetiň ösüşindäki, nesil terbiýesindäki ähmiýeti, bu ulgamy ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň ýollary barada gymmatly pikirleri öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylda neşir edilip, halkymyza gowşan we häzirki wagtda dünýä halklarynyň birnäçesiniň dillerine terjime edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň üçünji bölümi hem «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümdäki pähimlere, gadyrly okyjylar, siziň ünsüňizi çekmekligi ýerlikli hasaplaýarys.

Parahatçylyk sungatynyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň dana paýhasynyň we ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby bagtyýar halkymyz üçin özboluşly sowgat boldy. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu ajaýyp kitaby ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny açyp görkezýän, onuň dünýädäki parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini beýan edýän çeper-publisistik eser, düýpli ylmy iş diýip atlandyrmak bolar. Çünki bu ruhy hazyna türkmen Bitaraplygynyň taryhy, onuň halkara syýasy-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki orny baradaky maglumatlary çeper dilde beýan edýär. Şeýle hem, kitapda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatlarda we forumlarda eden çykyşlary ýerleşdirilipdir. Halkara derejede kabul edilen taryhy resminamalar aýratyn bölümde berilýär. Bu neşir Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, türkmeniň bitaraplyk taglymatynyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigi üçin hem gymmatlydyr. Kitapda ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna we onuň dünýäniň möhüm syýasy-ykdysady wakalaryna täsirine düýpli seljerme berilýär. Şeýle hem halkara gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýän ynsanperwerlik gymmatlyklary barada giňişleýin beýan edilýär. Eserde milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine we ählumumy gymmatlyklara laýyk gelýän parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, adalatlylygy we raýdaşlygy ün

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 9-njy mart (TDH). Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen “Gallagher&Associates” kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.

Bagtyýar döwrümiziň eýjejik gyzjagazlary

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini hem-de olarda sungata bolan söýgi-buýsanjyň artmagyny, hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy maksat edinen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda tapawutlanan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar. Dört şertden ybarat bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar bezemen sahna çykyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işleri, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty şirin owazly aýdym-sazlarda wasp etdiler. Şeýle-de şahyrana sözlerde geýnen milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň waspyny ýetirdiler, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.