Bagtyýar döwrümiziň eýjejik gyzjagazlary

9 Mart 2021
1810

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini hem-de olarda sungata bolan söýgi-buýsanjyň artmagyny, hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy maksat edinen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda tapawutlanan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar. Dört şertden ybarat bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar bezemen sahna çykyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işleri, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty şirin owazly aýdym-sazlarda wasp etdiler. Şeýle-de şahyrana sözlerde geýnen milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň waspyny ýetirdiler, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ejeş GUWANJOWA.
Surata düşüren Alýona PAKULOWA.