Ynanyşmak taglymaty

15 Mart 2021
1956

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge we ynanyşmagy pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Bu hakykat ata Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy wakalara beslenýän üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynda hem doly şöhlelenýär. Türkmen halkynyň parahatçylyk we ynanyşmak bilen bagly asylly ýörelgelerini dowam etdirýän milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki wagtda ylalaşdyryjylyk we baý döredijilik kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan tutuş ynsanyýet bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürýär. Giň halkara jemgyýetçilikde öz garaýyşlaryny ynamly beýan edýän Bitarap Watanymyz ähli halklary jebislige çagyrýar hem-de döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek arkaly, güýçleri baş maksada — ählumumy abadançylygy gazanmak üçin gönükdirmäge saldamly goşant goşýar. Bu ugurda öňde duran möhüm wezipeleri çözmek babatda bolsa, ýurdumyz tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge we ynanyşmagy kemala getirmäge aýratyn üns berýär.

Göwher MELEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.