Rowaçlygyň belentliklerine tarap

12 Mart 2021
1996

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda güneşli Diýarymyzyň dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny tassyklaýan halkara ähmiýetli taryhy wakalar, ajaýyp üstünlikler mähriban halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Berkarar döwletimiziň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň okgunly ösýän ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär hem-de pugtalandyrýar.

Şu aýyň başynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitinde üstümizdäki ýylda biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň netijeli boljakdygyna hem-de onuň çäklerinde amala aşyryljak başlangyçlaryň tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirildi. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşup, EKO girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýändiginiň oňyn netijesidir. Çünki parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ýörelgelerini düzýär.

Şirguly ŞIRKULYÝEW,
Saýat etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.