Parahatçylyk we ynanyşmak: ählumumy ösüşiň gözbaşy

10 Mart 2021
1750

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek we ynanyşmagy kemala getirmek arkaly bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Munuň özi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda amala aşyrylýan sebit we dünýä ähmiýetli işlerde hem doly şöhlelenýär. Şu ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna resmi taýdan badalga berilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we özara düşünişmegi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde öňe sürlen bu başlangyç ähli halklar üçin parahatçylygy goldamaga we ynanyşmagy berkitmäge çagyryş bolup dünýä doldy. Bu başlangyç halkara bileleşigi tarapyndan bütin dünýäde tüýs ýürekden makullanylýar hem-de uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu babatda öňe sürýän her bir başlangyjy, netijeli alyp barýan daşary syýasat işi bütin dünýäde ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi umumadamzadyň üns merkezinde duran halkara meseleleri ulgamlaýyn esasda doly we netijeli çözmegiň, öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmegiň möhüm guralydyr.

Bagtygül HALMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 72-nji orta mekdebiň mugallymy.