Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

14 Mart 2021
1853

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyz dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan milli bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenmegi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Bu ýylyň ady Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek arkaly halkara giňişlikde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýlelikde, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna halklaryň tagallalaryny birleşdirmäge bolan özboluşly çagyryşdyr. Parahatçylyk abadançylygyň we ösüşiň möhüm şertidir. Parahatçylyga we ýurtlaryň özara ynanyşmagyna daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň-de esasy şertleriniň biridir.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.