Hoşniýetlilik we parahatçylyk ýörelgesi

11 Mart 2021
1907

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Şu ýylyň özi iki düşünjäni, parahatçylygy we ynanyşmagy birleşdirip, bir bitewi gymmatlyga getirýär. Munuň özi baky Bitaraplyk syýasatymyzyň özenini düzýär. Baky Bitaraplyk — munuň özi deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň esasydyr. Baky Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdir we ol milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň binýadynda durýar. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de milli bähbitleri goramagyň, durnukly gatnaşyklary ýola goýmagyň girewidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä döwletleriniň tagallalaryny parahatçylyk döredijilik ugra gönükdirmekde görnükli orun eýeleýär. Türkmen döwleti sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Berkarar döwletimiziň toplumlaýyn alyp barýan daşary syýasaty aýdyň ýörelgelere hem anyk maksatlara esaslanýar.

Çynar ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.