"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Sanly tehnologiýalaryň mekany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry geçen ýyl açylyp, ulanylmaga berildi. Täze şäheriň ulanylmaga berlen güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasyndan binýat bolup, milli binagärligiň oňyn ýörelgelerini we häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen dörän şäheriň ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagynda çuňňur many bar. Medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-syny özünde jemleýän täze şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň milli binagärlik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen tagallasynyň aýdyň netijesidir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KIÇIJEK ÇAGA ENTEK GÜRLÄP BILMEÝÄN BOLSA-DA, ULULARYŇ NÄME HAKDA GÜRLEŞÝÄNDIKLERINE DÜŞÜNÝÄR

Täsirli söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çap edilen «Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýatymyzyň ähli şäherdir etraplarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şeýle tanyşdyrylyş dabaralarynyň biri  Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçirildi. TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik baý many-mazmuna eýe boldy. Onda TDP-niň etrap komitetiniň bölüm müdiri Gurbannepes Täçmedow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň kitaphanaçysy Mahym Baýramgylyjowa, neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň kitaphanaçysy Ogulsuraý Amanowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda şu ýylda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem ýaňy-ýakynda çapdan çykan «Magtymguly» kitabynyň ähmiýeti barada täsirli gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri ähli döwürlerde hem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýär. Üstünden üç asyr geçen hem bolsa, Pyragynyň her bir goşgusy häzirki günlerde hem iň söýlüp okalýan eserleriň hatarynda durýar. Pyragynyň goşgularyny dünýä halklary hem uly höwes bilen okaýarlar. «Magtymguly» kitabynyň türkmen, rus

Şygyr şalygynyň şuglasy

Şu günler Dänew etrabyndaky edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlar diwanynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Milli parlamentimiziň ýerli wekilleri bu çäreleriň ählisine işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň täze ýygyndysy dünýä okyjylary üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, täze kitabyň çapdan çykandygy barada ilkinji gezek şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz habar beripdi. Hut şol gün paýtagtymyzda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy we bu toplum bilen birlikde Magtymguly Pyragynyň dünýädäki iň beýik ýadygärligi açylyp, ulanylmaga berildi. Ine, şol günden bäri täze kitap dilden-dile, elden-ele geçip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde watandaşlarymyz onuň bilen ýakyndan tanyşýarlar.

Aýdym-sazly konsert

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şeýle-de, 22-27-nji iýun aralygynda Medeniýet hepdeligi bu ýyl Arkadag şäherinde şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Şeýle baýramçylyk günlerinde biziň welaýatymyzda hem aýdym-sazly dabaralara giň orun berilýär. Has takygy, ýakynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli konsert geçirildi. Oňa halypa hem ýaş medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

Ýatdan çykmajak täsir galdyrdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda döwletimizde baýramlar goşa-goşadan gelýär. Golaýda Baýramaly şäherindäki Magtymguly Pyragy adyndaky medeni dynç alyş bagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ýazyjy-şahyrlary, magtymgulyşynaslar, kümüş saçly eneler hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Döwürleriň şamçyragy — Magtymguly Pyragy TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Döwürleriň şamçyragy — Magtymguly Pyragy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat

Milli medeniýet hem Pyragy — göwünleriň çyragy Ýakynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda guralan dabaraly maslahata TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew alyp bardy.

Medeniýetim — göwün ganatym

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, Bereket etrap medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde geçiren çärämiz ýokary ruhubelentlige beslendi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýol açyldy. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz söz ussatlaryna, aýratyn-da, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Şahyryň bize goýan edebi mirasy halkymyzyň milli baýlygydyr. Onuň dana sözleri şu günki günlerde hem halkymyzyň egsilmejek hazynasydyr.

Ýaňlansyn mydama çaga gülküsi

Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklaryny hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, olaryň arasynda «Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarda ýaňlansyn mydama çaga gülküsi» ady bilen ýaryşlar geçirdik. Tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak boýunça geçirilen bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaryşlaryň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Gökderedäki şadyýanlyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde gyzykly çäreler geçirilýär. Ol ýerde ýakynda guralan köpçülikleýin sport çäresi we döredijilik bäsleşigi ýaş nesliň dynç alyş günleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuşy berkarar etmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp, ýaşlary sporta çekmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşa höwes bilen gatnaşan çagalar sportuň ýeňil atletika we şaşka görnüşlerinde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň dowamynda sportuň agzalan görnüşleri boýunça ýeňijiler kesgitlendi.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky tikin fabriginde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen bagtyýar ýaşlar» şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan guralan duşuşyga agzalan fabrikde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy. Duşuşykda täze taryhy döwrümizde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäginde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar hakda gürrüň edildi. Çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn belläp geçdiler.

Akyldar şahyra bagyşlanan maslahat

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – ýaşaýşyň ruhy sütüni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa halypa mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda bagtyýar halkymyzyň ähli ulgamlarda zähmet çekmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdylar. Şeýle hem akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde geçirilýän dabaraly çäreler we maslahatlar dogrusynda hem buýsanç bilen bellediler.

Umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edip

Türkmenistanyň Mejlisinde «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» ady bilen guralan maslahat Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen bu çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleri, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň umumadamzat ähmiýetiniň barha artýandygy bellenildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyň giňden bellenilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan işler Gündogaryň beýik akyldarynyň şan-şöhratyny belende galdyrmakda, medeni mirasyny aýawly saklamakda, ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, geljek nesillere ýetirmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň nygtaýşy ýaly, görnükli türkmen şahyrynyň çuň many-mazmuna, belent ynsanperwer ýörelgelere ýugrulan şygyrlary bütin adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga, birek-birege hormat goýmaga çagyrýan ruh

Şadyýan möwsüm gyzykly geçýär

Daşoguz şäheriniň eteginde bagy-bossanlyga bürenip oturan gözel künjekde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry ýatdan çykmajak gyzykly pursatlara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Örän täsirli geçýän şu ýylky möwsümde bu döwrebap merkezde her biri 20 gün dowam edýän üç tapgyrda jemi 900 çaganyň oňat dynç almagy, wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda bu ýerde welaýatyň çar künjeginden çagalaryň 300-si sapaly dynç alýar. Merkeziň üç sany ýaşaýyş binasy, giň naharhanasy, gimnastika oýun hem-de teatr zallary bar. Onuň baş binasynda muzeý, kitaphana, lukmançylyk otaglary ýerleşýär. Bu ýerde okuwçy gyzlaryň tikinçilik, halyçylyk we beýleki el işleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite otaglaryň bardygyny-da bellemek gerek. Merkezde işleýän tejribeli bilim işgärleri çagalaryň oňat dynç almagyny guramak, dürli okuw-terbiýeçilik işlerini geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. 150 orunlyk amfiteatrda çagalara kinolar, multfilmler görkezilýär, konsertler, sahna oýunlary guralýar. Şadyýan möwsümiň gyzykly günlerinde merkeziň ähli meýdançalary, açyk asman astyndaky hem-de üsti ýapyk suw howuzlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kompýuter otaglary çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün edýär. Welaýatyň dürli künjeginden gelen çagalar merkezde öz deň-duşlary bi

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar.

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady ösüşinde ýaş telekeçileriň orny

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşiniň, Akdepe etrap Andalyp alyjylar jemgyýetiniň işgärleriniň hem-de ýaş tekekeçileriň gatnaşmaklarynda telekeçilik ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda önümçilik hünärlerini we ýurdumyzda telekeçilik işini ösdürmek maksady bilen, söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Akdepe etrap Andalyp alyjylar jemgyýetiniň işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmeklige, ýaşlaryň özbaşdak işlerini guramaga, kiçi we orta tekeleçiligi ýola goýmaga döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Nä­me üçin ki­tap oka­mak mö­hüm?

Adamlar näme üçin kitap okamaga beýle ähmiýet berýärler?! Agaçdan hem kagyz böleklerinden ýasalan kitaplarda adamlaryň näme meselesi bar? Wagtyň we puluň ýitirilmegine sebäp bolýan bu kitaplardan adamlar näme tapýarlar?! Onda üstünlik, bagt ýa-da baýlyk syrlary gizlenip ýatyrmy?! Kitap okamagyň biziň üçin peýdalary näme? Bu soraglaryň hemmesine aşakdakylary okanyňyzdan soň jogap alarsyňyz! Ilki bilen, söhbedi Türkiýäniň meşhur adamlarynyň biri Alber Ortaýlynyň maslahaty bilen başlaýaryn. Alber Ortaýly durmuşymyzyň, esasan, dört bölege bölünýändigini aýdýar: 12 — 25 ýaş aralygynda, 25 — 40 ýaş arasynda, 40 — 55 aralygynda we 55 ýaşdan soň. Ýer togalagynyň köp böleginiň 12 — 25 ýaş aralygyndadygy we bu döwürde, esasan, durmuşymyzy esaslandyrýandygymyz her birimize düşnükli bolsa gerek. 25 ýaşdan 40 ýaş aralygynda durmuş bilen meşgullanyp, düşünip başlaýandygymyz, 40 bilen 55 ýaş aralygynda kämillik döwrümiziň we 55-den soň bolsa dynç aljak wagtymyzyň bolýandygy aýdylýar.

BMG: 2030-njy ýylda dünýäniň 60 ýaşdan uly ilaty 1,4 milliarda ýeter

Soňky ýyllarda dünýä döwletleriniň ençemesi ilatyň ortaça ýaşynyň ýokarlanmagy ýa-da demografiki gartaşma bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Hususan-da, Ýaponiýada, Italiýada we beýleki käbir ýurtlarda bu ýagdaý has aýdyň duýulýar. Ýagdaýyň dünýä möçberinde çalt depgin bilen dowam etmegine garaşylýar. BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, 2030-njy ýylda dünýäniň 60 ýaşdan geçen ilatynyň sany 1,4 milliarda ýeter. Hasabatda ýene 6 ýylda gartaşanlaryň sanynyň ýaşlaryňkydan köp boljakdygy çaklanylýar. Ilatyň ortaça ýaşynyň ýokarlanmagy iň esasy Ýewropada çalt depginde ösýär. Muňa sebäp hökmünde adamlaryň ömür dowamlylygynyň artýandygyny hem-de çaga dogluşynyň azalýandygyny nygtaýarlar.

Türkiýäniň ilaty 2040-njy ýylda 100 milliondan geçer

2040-njy ýylda Türkiýäniň ilaty 100 milliondan geçer. Bu barada Türkiýäniň «QNB Sigorta ve Emeklilik A.Ş» ätiýaçlandyryş guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, «Trend» habar berýär. 2024-nji ýyla çenli ýurduň ilaty 100,3 milliona ýeter. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2020-nji ýylda 83,6 milliona deňdi.