Nä­me üçin ki­tap oka­mak mö­hüm?

23 Iýun 2024
328

Adamlar näme üçin kitap okamaga beýle ähmiýet berýärler?! Agaçdan hem kagyz böleklerinden ýasalan kitaplarda adamlaryň näme meselesi bar? Wagtyň we puluň ýitirilmegine sebäp bolýan bu kitaplardan adamlar näme tapýarlar?! Onda üstünlik, bagt ýa-da baýlyk syrlary gizlenip ýatyrmy?! Kitap okamagyň biziň üçin peýdalary näme? Bu soraglaryň hemmesine aşakdakylary okanyňyzdan soň jogap alarsyňyz!

Ilki bilen, söhbedi Türkiýäniň meşhur adamlarynyň biri Alber Ortaýlynyň maslahaty bilen başlaýaryn.
Alber Ortaýly durmuşymyzyň, esasan, dört bölege bölünýändigini aýdýar: 12 — 25 ýaş aralygynda, 25 — 40 ýaş arasynda, 40 — 55 aralygynda we 55 ýaşdan soň. Ýer togalagynyň köp böleginiň 12 — 25 ýaş aralygyndadygy we bu döwürde, esasan, durmuşymyzy esaslandyrýandygymyz her birimize düşnükli bolsa gerek. 25 ýaşdan 40 ýaş aralygynda durmuş bilen meşgullanyp, düşünip başlaýandygymyz, 40 bilen 55 ýaş aralygynda kämillik döwrümiziň we 55-den soň bolsa dynç aljak wagtymyzyň bolýandygy aýdylýar.

Taýýarlan: Erkin Apbaýew,
Aşgabat şäheri.
Beýleki habarlar