Şadyýan möwsüm gyzykly geçýär

24 Iýun 2024
312

Daşoguz şäheriniň eteginde bagy-bossanlyga bürenip oturan gözel künjekde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry ýatdan çykmajak gyzykly pursatlara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Örän täsirli geçýän şu ýylky möwsümde bu döwrebap merkezde her biri 20 gün dowam edýän üç tapgyrda jemi 900 çaganyň oňat dynç almagy, wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda bu ýerde welaýatyň çar künjeginden çagalaryň 300-si sapaly dynç alýar. Merkeziň üç sany ýaşaýyş binasy, giň naharhanasy, gimnastika oýun hem-de teatr zallary bar. Onuň baş binasynda muzeý, kitaphana, lukmançylyk otaglary ýerleşýär. Bu ýerde okuwçy gyzlaryň tikinçilik, halyçylyk we beýleki el işleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite otaglaryň bardygyny-da bellemek gerek.

Merkezde işleýän tejribeli bilim işgärleri çagalaryň oňat dynç almagyny guramak, dürli okuw-terbiýeçilik işlerini geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. 150 orunlyk amfiteatrda çagalara kinolar, multfilmler görkezilýär, konsertler, sahna oýunlary guralýar. Şadyýan möwsümiň gyzykly günlerinde merkeziň ähli meýdançalary, açyk asman astyndaky hem-de üsti ýapyk suw howuzlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kompýuter otaglary çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün edýär. Welaýatyň dürli künjeginden gelen çagalar merkezde öz deň-duşlary bilen dostlaşyp, şatlyklaryny paýlaşýarlar. Bu ýerde guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli oýunlar, gyzykly bäsleşikler, köp sanly duşuşyklar olarda aýratyn täsir galdyrýar. Şatlyk-şowhuna beslenen birinji tapgyryň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhlelendirýän çeperçilik sergileri guraldy, edebi kompozisiýalar, medeni çäreler geçirilip, akyldar şahyryň edebi-mirasy, döredijiligi giňden beýan edildi.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar