Ýaňlansyn mydama çaga gülküsi

24 Iýun 2024
304

Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklaryny hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, olaryň arasynda «Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarda ýaňlansyn mydama çaga gülküsi» ady bilen ýaryşlar geçirdik. Tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak boýunça geçirilen bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Ýaryşlaryň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Baýramgül Esenowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar