Akyldar şahyra bagyşlanan maslahat

24 Iýun 2024
496

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – ýaşaýşyň ruhy sütüni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa halypa mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda bagtyýar halkymyzyň ähli ulgamlarda zähmet çekmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdylar. Şeýle hem akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde geçirilýän dabaraly çäreler we maslahatlar dogrusynda hem buýsanç bilen bellediler.

Şamyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar