Ýewropa Bileleşiginiň täze Liderleri
27-nji iýunda Ýewropa Geňeşiniň sammiti Ursula fon der Lýaýeni (Germaniýa) Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine ikinji möhlete hödürlemek kararyna geldi. Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bu maglumatlary sosial ulgamda tassyklady. Şeýle hem Portugaliýanyň öňki Premýer-ministri Antoniu Koştany Ýewropa Geňeşiniň başlygy we Estoniýanyň Premýer-ministri Kaýa Kallasy Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edarasynyň başlygy wezipesine saýlamak barada ylalaşyk gazanyldy. – Men öz borçlaryma çuňňur düşünmek bilen, Ýewropa Geňeşiniň indiki başlygy bolmak jogapkärçiligini kabul edýärin – diýip, A. Koşta X jemgyýetçilik torunda belledi. Ol Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň arasynda agzybirligi berkitmäge doly ygrarlydygyny we sammitde tassyklanan geljek bäş ýyl üçin strategik meýilnamany durmuşa geçirmäge ünsüni jemlejekdigini belledi.