Internetiň iň meşhur saýty «Google» ulanyjylaryna dürli hyzmatlary hödürleýär. Şolaryň arasynda onlaýn terjime hem bar. «Google terjime» hyzmatlaryna täze 110 dil goşuldy. Bu dilleriň arasynda 5 dil ural-altaý diller maşgalasyna degişli bolan türki dillerdir. Şeýlelikde, bu hyzmat çuwaşça, kyrym tatarçasy, başgyrça, tuwaça we ýakutça ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Şunuň bilen terjime hyzmatlaryna goşulan türki dilleriň sany 13-e ýetdi. Mundan öň «Google terjime» arkaly azerbaýjan, gazak, gyrgyz, tatar, türk, türkmen, özbek we uýgur dillerini terjime etdirip bolýardy. «Google» bu baradaky habarynda şu gezek häzire çenli iň köp diliň goşulandygyny belledi. «Google terjime» 2008-nji ýylda hyzmata hödürlenipdi.
Mekan MAHTUMOW,