Edep-ter­bi­ýe yn­san dur­mu­şy­nyň be­ze­gi­dir

5 Iýul 2024
237

Gündelik durmuşda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen aýtgyny köp eşidýänsiňiz. Aslyýetinde, bu ýerde göz öňünde tutulýan «adam bolmak» – kämillik, sypaýyçylyk, akýüreklilik hem edeplilikdir. Ilhalar kişileri beýleki adamlardan tapawutlandyrýan sypatlar, ine şu häsiýetlerdir.

Per­zent ter­bi­ýe­si­ne bi­parh ga­ra­ma­ly däl­di­gi ga­dym­dan bä­ri aýdylyp gelinýän pent. Mö­min­le­riň emi­ri Aly ibn Abu Ta­lyp: «Ça­ga­la­ry­ňy­zy di­ňe şu dö­wür üçin däl, gel­jek za­man­la­ry hem göz öňün­de tu­tup ter­bi­ýe­läň» di­ýer eken. Gys­ga hem bol­sa, aky­la mu­wa­pyk söz. Ter­bi­ýe­çi­ler, mu­gal­lym­lar, ene-ata­lar ça­ga­la­ryň edep-ter­bi­ýe­si­ni kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly ola­ra ýa­şaý­şyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni, üs­tün­li­giň he­niz el deg­me­dik ga­py­la­ry­ny açyp ber­mä­ge, bag­ta elt­ýän ha­lal ýol­la­ry öw­ret­mä­ge – gel­je­ge my­na­syp taý­ýar­la­ma­ga borç­lu­dyr­lar. Şu wagt­dan per­zent­le­riň aňy­na se­pi­len tä­lim to­hum­la­ry, ýü­rek­le­ri­ne otur­dy­lan ýag­şy­lyk na­hal­la­ry mä­käm boý al­sa, tüýs di­ýen çag­la­ryn­da ol dü­şün­je­le­riň ha­syl be­rip baş­la­jak­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim. Yn­san­lar gel­je­ge taý­ýar­lyk­ly bol­ma­ly, taý­ýar­lyk­ly bar­ma­ly.

Beýleki habarlar