Biziň ýurdumyz bagtly çagalygyň ýurdy. Bu jümläniň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň terbiýeli, watansöýüji, ahlakly, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn nesil bolup kemala gelmegi üçin edýän irginsiz aladalary ýatyr.
Çagalar biziň ertirki günümiz. Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredilýär.