"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Şükranalyk näme? (Durmuş we biz)

Belki, men bu sowala has giňişleýin jogabam tapybilmen ýa-da uly iliň bilýäninden artyk zat aýdybam. Ýöne şonda-da, bilemok, ýatlatma bolsun diýipmi ýa iç-içimden ýene bir gezek şükür edesim gelipmi, garaz, galamy hut şu tema boýunça elime alasym geleni-hä çyn. Ýogsa-da, şükür näme? Nämeden her kimiň diline sena ol söz? Iň bärkisi, birinden: «Gowumy ýagdaýlaryň?» diýlip soralanda-da: «Hudaýa şükür, özüňiz neneň?» diýen jogaby eşidýäň. Şonda iki ynsanyň arasyna nähilidir bir göze görünmeýän mähribanlyk aralaşýar. Şeýdibem gep-üýnüň alşyp gidiberýär. Käte düşen ýagdaýymyzdan nägile bolup, zeýrenibermämiz bar. Şol halat diňeje başa gelen şol dert hakynda pikirlenemizsoň, Ýaradanyň eçilen galan gowulyklary ýadymyzdan çykýar. Özem dargursak bolan çagyň başyňa gelýär bu iş. Soň uly ýoly söküp barşyňa, töweregiňe nazar aýlaýaň. Janyňa jaý gözleýäň. Şonda kimi görüp, pikir etmelileriň, kimi görüp, şükür etmelileriň deňinden geçýäň. Gulagyňda bolsa ulularyň: «Bu dünýä her kim bir synag üçin ugradylýandyr, ogul! Kim baýlyk bilen, kim ýokluk bilen, kim hassalyk, kimi ýalňyzlyk, kimi edeni ugrunalyk... bilen synalýandyr. Onsoň «men baý» diýip, gaňňaňy garnyňa alyberseň ýa «men ýoksul» diýip, şükür etmegiňi goýuberseň, bolmaz-a. Bu bir çarhypelekdir. Munda gowulykdan başga zat bilen yz goýup bolýan däldir!» diýýän sözleri ýaňlanýar.

Erik bişen günleri (Oýlanma)

Şiresi daşyna çykan sary erikler özüne örkläýdi. Onuň ysy, buldurap durşy juda bişendiginden nyşandy. «Ene, bize erik bagyny görkezäý-dä. Ol ýertudana ýaly owadanjamy ýa-da üzüm ýaly çyrmaşyp ösýärmi?!». Ana, indem sary erikler maňa agtyklarymyň sowalyny hem ýatlatdy. Şol gün olara erik bagyny tanatjak bolup, baý, azap çekipdim-ä. Öýümizden jigimlere barýançak diňe bag saýlapdyk. «Gyzym, ine, bu tut agajy, ýapraklaryna seret, gyralary keşdelijedir. Onuň tudanasyndan geçen ýyl bal ýapanymyz ýadyňdamy? Baý, doganyň bilen tudana çöpläpdiňiz-ä. Ataň bolsa eli ýeten şahalaryny silkip beripdi. Ine, bu üzüm bagy, bu bolsa garaly, oglum! Häzir, häzir men size erik bagynam tanadaryn». Köp gatly jaýlaryň arasy bilen barşymyza, ahyram 60-njy mekdebiň töwereginde birnäçe erik bagy gabat gelipdi. Şonda men: «Wah, erik bişen günleri sizi bir oba äkidip bolaýsady. Erik baglaryndan ýaňa ol-a mellekler ekeni, uly köçeleriň gyralaram doludyr. Özem hasylyny göterip bilmän basyrynyp durandyrlar welin, degýän adam ýokdur. Sebäbi her kim öz bagynyň hasylyny yrýa etmän ýygnap bilse, zor boldugy» diýipdim. Olaryň ikijigi iki ýerden: «Äkidäý-de-äkidäý» bolşupdylar. «Äkiderin, erik bişen günleri hökman äkiderin. Siz hut öz elleriňiz bilen erik ýygarsyňyz. Onsoň hiç wagt erik bagy-da, miwesi-de ýadyňyzdan çykmaz» diýipdim. Ine, şol söz beren günlerimem, bir seretsem, ýetip geläýipdir. Süýjüje umytlary ka

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Milli ýol-ýörelgeler wagyz edilýär

Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän iri senagat kärhanalarynda, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynda, oba ýerlerinde ýaşlaryň uly topary zähmet çekip, Watanymyzyň gülläp ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan şol ýaşlaryň arasynda ýörite meýilnama esasynda wagyz- nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň häzirki şanly günlerinde etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler, milli ýol-ýörelgeler wagyz-nesihat edilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Duşuşyk geçirildi

Döwletli-döwranly Watan Golaýda TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Döwletli-döwranly Watan” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 2-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Tertip-düzgünlilik ündeldi Mary şäheriniň merkezindäki “Mary” myhmanhanasynda “Kanuny döwlet — asuda, bagtyýar durmuşyň kepili” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy welaýat prokuraturasy, TDP-niň welaýat, Mary şäher komitetleri bilelikde guradylar. Bu çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, TDP-niň Mary şäher komitetleriniň bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar.

Näme üçin ýylgyrýar?

Soltansöýüni bir baý toýa çagyrypdyr. Soltansöýün Myrala ertir daňyň alagaraňkysynda ugrarys, şaýyňy tutup ýatgyn  – diýip tabşyrypdyr. Myraly ony geňirgäp: – Näme üçin alagaraňkyda? – diýip soranda, ol oňa:

Gysga ýorgan

Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr, wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň – diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar. Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan: – Myraly, sen ýokmusyň? – diýip gygyrypdyr.

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapy

Döwlet gullukçysy: talaplar we borçlar

Türkmenistanda taryh üçin gysga döwürde durnukly ykdysadyýetiň berk binýady kemala getirildi. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň bazar ykdysadyýeti şertlerindäki özgertmelerimiziň çalt depginde amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, döwlet gullukçylarynyň, dolandyryjy hünärmenleriň sowadyna, gözýetiminiň giňligine, işjeňligine, guramaçylyk ukybyna baglydyr» diýip belleýär. Şoňa görä, ýurdumyzda döwlet gullukçylarynyň hukuk bilimini, sowatlylygyny, aňyýetini, medeniýetini ösdürmäge, döredijilik ukyplarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. 2016-njy ýylyň martynda «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurdaky özgertmeleriň aýdyň mysaly bolup, munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň esasy wezipesi Watana, halka hyzmat etmek bolup durýar. Bu Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň umumy ykrar edilen halkara resminamalarda berkidilen kadalara we ýörelgelere pugta eýerýändiginiň güwäsidir. «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 6 bapdan, 48 maddadan ybarat bolup, bu ugruň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, raýatlaryň döwlet gullugyna hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertlerinidir tertibini kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda «Döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezi

«Ýaşyl ýaýladaky» dynç alyş

«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde üç ýüz çaganyň bir wagtda dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Merkezimizde mugallymlaryň on ikisi zähmet çekýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary hem okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçýärler. Merkezimiziň edara binasy, iki gatly ýatakhana binasy, saglyk öýi, naharhana çagalar üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde kinoteatr, sport zaly, ýapyk howuz ýerleşendir. Daşarda sport oýunlary üçin açyk meýdança, ýagny, futbol, woleýbol, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin açyk howuz bar.

kä­mil jem­gy­ýe­tiň bin­ýa­dy

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ra­ýa­tyň döw­re­bap hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­niň bol­ma­gy kä­mil ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň eme­le gel­me­gi­niň iň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. El­bet­de, mu­nuň üçin ýö­ri­te ter­bi­ýe­çi­lik, bi­lim, dü­şün­di­riş, wa­gyz-ün­dew iş­le­ri­niň mak­sa­da­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy wa­jyp­dyr. Ýaş ne­sil­de hu­kuk taý­dan aň-dü­şün­je­li, özü­niň we öz­ge­le­riň hak-hu­ku­gy­ny bil­ýän we bu­la­ry hor­mat­la­ýan, öz döw­le­ti­niň ka­nun­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýa­şa­ma­ga me­ýil­li şah­sy­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mä­ge ir­gö­zin­den gi­riş­mek mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Kä­mil­lik ýa­şa ýe­ten ra­ýat­la­ry­my­zy hem dün­ýä bi­len aýak­daş bar­ha döw­re­bap­laş­ýan mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň öz­ger­ýän ka­da­la­ryn­dan ha­bar­ly et­mek, hiç ki­miň bu ugur­da­ky öz­ge­riş­ler­den çet­de gal­maz­ly­gy­ny ga­zan­mak döw­rüň der­wa­ýys ta­la­by bo­lup dur­ýar. Ylaý­ta-da, soň­ky ýyl­lar­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ýa­dy tä­ze ka­nun­lar bi­len bar­ha baý­laş­ýar we kä­mil­leş­ýär. Bu öz­gert­me­le­riň düýp ma­ny­sy bi­ziň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy­na hä­zir­ki za­man hu­kuk teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, has döw­re­bap ýö­rel­ge­le­ri, dün­ýä tej­ri­be­si­ni bar­ha giň or­naş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Gözel jülgedäki şatlykly günler

Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň gülki sesleri belentden ýaňlanyp, her güni göwün göteriji pursatlara beslenýär. Bu merkezde ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen bagtyýar çagalaryň 325-si tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we şadyýan geçirýärler. Dynç alýan çagalardan düzülen aýdym-saz, folklor, çeper okaýyş toparlarynyň yzygiderli çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlardyr beýleki çäreler çagalara egsilmez şatlyk paýlaýar.

Köňül päkligi ynsanperwerlige çagyrýar

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Şu ýylyň 9-njy iýulynda bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek hakynda DÜZGÜNNAMASY

I. UMUMY DÜZGÜNLER Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gyzykly pursatlar, täsirli başdangeçirmeler

Dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa hem-de gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýar. Şoňa görä-de, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir.