Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek hakynda DÜZGÜNNAMASY

12 Iýul 2024
323

I. UMUMY DÜZGÜNLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 44-88-55.
Beýleki habarlar