Köňül päkligi ynsanperwerlige çagyrýar

12 Iýul 2024
262

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Şu ýylyň 9-njy iýulynda bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

«Nesil».
Beýleki habarlar