Gysga ýorgan

15 Iýul 2024
210

Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr, wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň – diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar. Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan:

– Myraly, sen ýokmusyň? – diýip gygyrypdyr.

Taýýarlan: Myrat GARAÝEW,
TDMG-nyň harby gullukçysy, leýtenant.
Beýleki habarlar