«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde üç ýüz çaganyň bir wagtda dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Merkezimizde mugallymlaryň on ikisi zähmet çekýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary hem okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçýärler.
Merkezimiziň edara binasy, iki gatly ýatakhana binasy, saglyk öýi, naharhana çagalar üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde kinoteatr, sport zaly, ýapyk howuz ýerleşendir. Daşarda sport oýunlary üçin açyk meýdança, ýagny, futbol, woleýbol, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin açyk howuz bar.