Näme üçin pandalaryň sütügi alabeder?
Dünýäde ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň hataryna girýän pandalar bambuk tokaýlyklary bilen tanalýan Hytaýyň günorta-günbatarynda ýaşaýarlar. Häzirki wagtda bu enaýyja aýylaryň sanynyň 2 müňden geçmeýändigi bellenilýär. Dumanly we ýagyşly howa uýgunlaşan pandalaryň sütüginiň ak we gara reňkde bolmagy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Eýsem, näme üçin bambuk aýysynyň reňki ap-ak, ýa şar gara, ýa-da goňur däl. Näme üçin beýleki jandarlardan tapawutlylykda pandalaryň sütügi alabeder? Süýdemdirijileriň köpüsiniň sütügi birsydyrgyn reňkde bolýar. Emma pandalaryň beýleki jandarlardan tapawutlylykda «eli», aýagy we gulagy tutuşlygyna gara bolup, göwresiniň galan bölegini ak sütük örtýär. Şeýle hem ähli pandanyň gözünde gara menekler bar.