“Tegelek stoluň” başynda geçen söhbetdeşlik

23 Awgust 2024
120

Bäherden etrap merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek maksady bilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan söhbetdeşlik «Halk Maslahaty — halk bähbitli beýik işleriň kepili» diýlip atlandyrdy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler il-ýurt bähbitli meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleri bilen geňeşmek türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän häsiýetli aýratynlygydygyny, bu gün halkymyzyň bu durmuş tejribesiniň giňden dabaralanýandygyny Halk Maslahatynyň alyp barýan işlerinden aýdyň görünýändigini belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler dogrusynda gürrüň ediler, öňde duran wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ogulmaral SÖÝÜNOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar