Çaga terbiýesinde üns berilmeli jümleler

23 Awgust 2024
62

Ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek çyl­şy­rym­ly iş bo­lup, bir­nä­çe ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ata-ene­le­riň işi­ni has-da kyn­laş­dyr­ýar. Ça­ga­la­ryň her bi­ri­niň hä­si­ýe­ti­ne la­ýyk­lyk­da gat­na­şyk­da bol­mak, do­gan­la­ryň ag­zy­bir­li­gi­ni ga­zan­mak maş­ga­la ag­za­la­ry üçin wa­jyp­dyr. Ata-ene­le­riň bil­mez­lik­den ýa-da ga­har bi­len aýd­ýan söz­le­ri kä­te do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler. Maş­ga­la­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk, öz­le­ri­ni alyp bar­şy we bi­rek-bi­re­ge bo­lan sy­lag-hor­ma­ty ata-ene­le­riň ter­bi­ýe­si hem-de gö­rel­de­si esa­syn­da eme­le gel­ýär. Kä­te go­wy gör­lüp aý­dyl­ýan söz­ler soň­lu­gy bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da bäs­deş­lik ýa-da ga­ban­jaň­lyk ýa­ly duý­gu­la­ry dö­re­dip bi­ler. Bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak üçin kä­bir söz­ler­den hem-de jüm­le­ler­den ga­ça dur­mak mö­hüm­dir. Haý­sy jümleler do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler? Ge­liň, bu­la­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Do­ga­nyň­dan gö­rel­de al! Köp­lenç ula­nyl­ýan bu jüm­le soň­lu­gy bi­len bäs­deş­li­giň we ga­ban­jaň­ly­gyň ös­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ça­ga­ny de­ňeş­dir­mek, kem­sit­mek we baş­ga bi­ri­niň ýa­nyn­da kem­çi­lik­le­ri­ni aýt­mak dog­ry usul ha­sap­lan­ma­ýar. Ça­ga bi­len iki­çäk gep­leş­mek, my­la­ýym usul­da dü­şün­dir­mek dog­ry ha­sap­lan­ýar. My­sal üçin, «Do­ga­nyň­dan gö­rel­de al» däl-de, «Do­ga­ny­ňa se­ret, ol-a şeý­dip­dir, se­nem şeýt­seň gowy bol­maz­my? Nä­hi­li pi­kir ed­ýäň?» di­ýen ýa­ly çe­me­leş­me­li.

Beýleki habarlar