Agaçdan guruljak iň beýik bina

23 Awgust 2024
62

ABŞ-nyň Wis­kon­sin şta­ty­nyň Mi­luo­ki şä­he­rin­de dün­ýä­niň iň be­ýik agaç­ bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bi­na­nyň tas­la­ma­sy­nyň «Micha­el Green Archi­tectu­re» bi­na­gär­lik býu­ro­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len­di­gi ha­bar be­ril­di.

Hä­zir­lik­çe bi­na­nyň ta­kyk be­ýik­li­gi bel­li bol­ma­sa-da, tas­la­ma­ny dü­zü­ji­ler gök­di­rä­niň 55 gat­dan be­ýik bol­ma­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Bu des­ga ozal­ky iň be­ýik agaç bi­na­dan – Mi­luo­ki­dä­ki 25 gat­ly «Ascent» di­ňin­den ep-es­li be­ýik bo­lar. Bi­na­da azyn­dan 75 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy, 300 sa­ny myh­man­ha­na ota­gy we köp san­ly ofis üçin otag­lar bo­lar. Şeý­le hem bi­na­nyň ýa­na­şyk çäk­le­rin­de köp san­ly aw­tou­lag du­ral­ga­sy, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri we py­ýa­da ýo­da­lar gurlar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 700 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak bo­lup, eko­lo­gi­ýa taý­dan dur­nuk­ly bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Beýleki habarlar