Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň ilaty şu ýylyň başynda 449,2 million adama ýetdi, ondan bir ýyl ozal bolsa 447,6 million adamdy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň statistika gullugy habar berdi.
Netijede, COVID-19 pandemiýasy döwründe hasaba alnan pese gaçyşlykdan soňra, Ýewropada ilat sany iki ýyl bäri artýar. 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ilaty, takmynan, 0,5million, 2021-nji ýylda bolsa, 0,3million azalypdyr.