"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Umumymilli foruma taýýarlykly barylýar

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriljekdigi bilen baglylykda, şu günler agzalan umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Taýýarlyk işleriniň çäginde ilatyň arasynda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti wagyz edilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan wagyz-nesihat, düşündiriş işleri işjeňlikde geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri täze taryhy döwrümizde döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekden, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekden, teklipleri işläp taýýarlamakdan, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Biz ildeşlerimiziň arasynda alyp barýan düşündiriş işlerimizde şular dogrusynda gürrüň etmek bilen birlikde, Watanymyzyň beýik ösüşleri, ajaýyp üstünlikleri barada hem durup geçýäris.

Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany

Daşoguz şäherindäki Magtymguly meýdançasynda «Garaşsyzlyk – dillerimiziň dessany» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda, ilki bilen, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.  Soňra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň galkynyşly döwrümizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Welaýatymyzyň bagşylar toparlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary baýramçylyk çäresine özboluşly millilik çaýdy. Şeýle hem bu ýerde guralan kitap sergisi çärä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlarda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan döwletli tutumlara bolan buýsanç aýdyň duýuldy. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda eşretli zamanany halkyna peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri hoş owazly nagmalaryň üsti bilen joşgunly beýan edildi.

Nusgalyk ýol

Bu nusgalyk ýol Mälikguly Berdimuhamedowyň nesillere goýup giden hem-de mynasyp dowam etdirilýän ahlak-terbiýe mekdebidir. (Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). KARTOŞKA — ýeralma.

Intelligent adam nähili bolmaly?

 Aka­de­mik DMIT­RIÝ LI­HAÇ­ÝOW Köpler kän okan, gowy bilim alan (ylaýta-da, ynsanperwer ugurdan), köp syýahat eden, birnäçe dili bilýän adamy intelligent hasaplaýarlar. Sanalanlaryň hemmesi bolaýanda-da, ol heniz intelligentlik üçin ýeterlik däldir. Uly hasap boýunça agzalýan bu zatlar sende bolmaýanda-da, içki dünýäň boýunça intelligent bolup bolar. Intelligentlik diňe bilimde, özgelere düşünmek başarnygyňda däldir. Ol set müňlerçe owunjak zatlardan: medeniýetli jedelleşip bilmek başarnygyňda, saçak başynda özüňi salyhatly alyp barmakda, başgalara bilingisiz (diňe bilingisiz) ýagdaýda ýardam etmekde, tebigata aýawly çemeleşmekde, öz töweregiňi hapalamazlykda — çilim galyndylary ýa-da paýyş sözler, bor-bolgusyz pikirler bilen (eýsem, bular nä hapa dälmi, onda-da, gör, nähili!) hapalamazlykda. Men rus Demirgazygynda hakyky intelligent daýhanlary gördüm. Olar öz öýlerini haýran galaýmaly derejede päkize saklamagy, gowy adamlara gadyr goýmagy, bolan wakalary (ýagny özleri we başgalar baradaky bolan-geçenleri) gürrüň bermegi başarýarlar. Kemi-kösti dagy ýok diýilýän günema bilendiler. Myhmansöýer, salam-helikli, özgeleriň gaýgy-hasratyna hem şatlygyna şärikdiler. Intelligentlik — bu düşünmeklik we kabul edip bilmeklik. Bu dünýä we adamzada düşünmekdir.

Hytaýda internetden peýdalanýan ilatyň sany 1 milliarddan geçdi

Şu ýylyň iýun aýynyň jemleri boýunça toplanan maglumatlara görä, Hytaýyň internet ulgamyndan peýdalanýan ilatynyň sany 1 milliarddan geçdi. Has takygy, bu görkeziji 1,1 milliard adama golaýlady. Bu barada Hytaýyň internet tory habarlar merkeziniň maglumatlaryna salgylanyp, «Report» habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, Hytaýda internet ulgamynyň täze ulanyjylarynyň ýarsyna golaýyny ýa-da 49 göterimini 10 — 19 ýaş aralygyndaky ilat emele getirýär.

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýär

Geçen anna güni paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň açylyş dabarasy boldy. Dabarany Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Metbugat merkezi hem-de Çagalar awtoşäherçesi bilelikde guramaçylykly geçirdiler. Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň 7 — 8-nji synplarynda bilim alýan okuwçylar öz mugallymlary bilen bilelikde bu çärä işjeň garnaşdylar. Okuwçylar öz mugallymlary bilen bilelikde Çagalar awtoşäherçesiniň öňündäki meýdançada bellenen tertipde nyzama düzüldiler. Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili çykyş edip, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Çagalar awtoşäherçesinde geçiriljek çäreleriň dabaraly açylýandygyny yglan etdi. Soňra Çagalar awtoşäherçesiniň müdiri biraýlygyň dowamynda geçiriljek çäreleriň tertibi bilen dabara gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Sow­gat

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 Türk­me­nis­tan Tä­ji­gis­tan­da gu­rup beren mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­na ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­syn­dan komp­ýu­ter­le­ri sow­gat be­rer

Halk mas­la­ha­ty­nyň mejlisine taý­ýar­lyk

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Türk­men hal­ky ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri bir uly işiň ba­şy­ny tu­tan­la­ryn­da ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­la­şyp, kö­pi gö­ren adam­lar bi­len ge­ňeş edip­dir­ler. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let gu­rup, bir sup­raň ba­şyn­da top­la­nan gü­nün­den bä­ri jem­le­şip, mas­la­hat et­mek esa­sy ýö­rel­ge­le­ri bo­lup­dyr. Pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan asyl­ly ýö­rel­ge hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da hem do­wam et­di­ri­lip gelinýär. De­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, il-ýurt äh­mi­ýet­li mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi hal­kyň bäh­bi­di­niň ile­ri tu­tul­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Döw­le­ti­miz­de halk bi­len ge­ňeş­mek, halk mas­la­hat­la­ry­ny yzy­gi­der­li ge­çir­mek indi asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Ha­ly­pa-şä­girt­lik mek­de­bi

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Hal­ky­my­zyň dün­ýä ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry sa­na­lan­da türk­men mil­li gö­re­şi­niň hem bu sa­naw­da my­na­syp or­ny bar. Asyr­lar­dan-asyr­la­ra ge­çip gel­ýän ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň üz­nük­siz do­wam etd­iri­lip, şu gün­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gi bu gün­ki gün­de hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport oýun­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­ri­zi­len mil­li gö­reş sun­ga­ty­myz bi­len berk bag­lan­yşyk­ly­dyr. Bu ba­ra­da söh­bet açy­lan­da ir­ki dö­wür­ler­de hem halk ara­syn­da at-owa­za­sy alys­la­ra ýaý­ran at­ly päl­wan­lar bo­lup, ol päl­wan­lar hem öz yz­la­ryn­da en­çe­me şä­girt­le­ri ýe­tiş­di­rip, gö­reş sun­ga­ty­nyň do­wa­ma­ty­nyň do­wam bol­ma­gyn­da öz go­şant­la­ry­ny go­şup­dyr­lar. Mil­li gö­reş sun­ga­ty­nyň türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da has giň ýaý­rap, ju­da ýör­gün­li sport gör­nü­şi bo­lan­dy­gy­na YU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mirasynyň gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny­ny oka­ny­myz­da has aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Şa­des­sa­nyň il­kin­ji bö­lü­mi bo­lan «Gö­rog­ly­nyň dö­reý­şi» şa­ha­syn­da ýi­git ýe­ti­şen Röw­şen, ýag­ny Gö­rog­ly öz ka­ka­sy­nyň kyrk ýi­gi­di bi­len sa­ta­şan pur­sa­tyn­da olar bi­len gö­reş tu­tu­şyp, güýç sy­nanyş­ýar. Şon­da Gö­

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» ki­ta­by pars di­li­ne ter­ji­me edil­di

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     2024-nji ýylyň 28-nji aw­gust­ynda Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Gahryman Arkadagymyz Täh­ran­da «Saa­da­bad» top­lu­my­nyň «Jum­hu­ri» köş­gün­de Prezi­dent Ma­sud Pe­zeş­ki­an bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.

Asudalygyň aýdymy

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly şy­gar as­tyn­da bi­raý­lyk ba­dal­ga al­dy

Ak ýol­lar aba­dan bol­sun!

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Gün­be-gün­den ös­ýän ata Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na ýol­la­ryn­da ýe­ňil ulag­la­ryň sa­ny­nyň gün­sa­ýyn art­ma­gy türk­men hal­ky­nyň iş, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň bar­ha ös­ýän­di­gi­niň ala­ma­ty­dyr. Hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da adam­la­ryň asu­da, aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de hem ýur­du­my­zyň gör­ka­na ýol­la­ryn­da he­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri, du­şu­şyk­lar­dyr mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Biz — kitapsöýüji nesiller!

Kitap — iň gowy söhbetdeş. Kitap — özboluşly bir dünýä. Ol aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýadyňa salýar. Her okalan kitap bolsa bizi bir basgançak ýokary göterýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň guramagynda «Kitapsöýüji nesiller» ady bilen kitap şüweleňiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Bu özboluşly kitap baýramçylygy birleşigiň paýtagtymyzdaky durky döwrebap görnüşde täzelenen 4-nji kitap dükanynda guralyp, oňa «Nesil» gazetiniň döredijilik topary hem işjeň gatnaşdy.

Jadyly dünýä syýahat

Mekan ÇARYÝEW,«Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň 4-nji kitap dükanynyň satyjy-maslahatçysy: — Gahryman Arkadagymyz: «Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar» diýip belleýär. Şoňa görä-de, biziň baş maksadymyz — ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak we olarda kiçilikden kitaphana gatnamak endigini kemala getirmek. «Kitapsöýüji nesiller» ady bilen kitap şüweleňini guramagymyzyň düýp maksady hem şundan ybaratdyr. Dükanymyzda dünýäniň meşhur kitaplaryny hem tapyp bolýar. Aýratynam, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary söýlüp okalýar. Çünki bu kitaplar röwşen geljege alyp barýan başlangyçlary, parasatly garaýyşlary özünde jemleýär.

Mekdepden şu güne (Durmuş we biz)

Niçikmi: «Öýde oturaýyn» diýip arkaýynlaşsam, maňa-da bir zat tapylaýýar. Ýene bazara gitmeli boldum. Kompýuterimiň kuwwatlandyryjysy ençe gün bäri gyzsa-da, üns bermedim. Ahyr döwüldi olam. Ussa äkitsemem, haýry bolmady. «Täzesini alaýsana!» diýip dur. Işdeş oglanlara jaň etsem, olaram şony maslahat berdiler. Öýden howul-hara çykamsoň, daşyna daşlygynam alaýmandyryn, seretsem, bazaryň orruk ortarasyndan kompýuterimi goltugyma gysyp barýan. Mekdep başlajak günleri has ýakyna gelensoň, adamlardan ýaňa töwerekde aýak basara ýerem ýok. Hiç kimiň hiç kim bilen işem. Satyjylardyr alyjylaryň gowrunyň arasyndaky: «Ene, gündeligem almalydyrys!», «Pozgujy ýatdan çykarypdyrys-a, kaka?!» diýýän çaga seslerine diň salyp barşyma, tasdanam olaryň birine öwrülipdim. Şol barmana-da atasyna täze alnan torbasyny görkezip duran oglanjyga gytagymy aýladym. «Gutly bolsun-ow! Baý, kakasy bu ogluny gowy görýär-ä! Görýäňmi, gaty owadan torba-da alyp beripdir muňa!». Ýaşulynyň bu sözlerinden soň ýaňky oglanjygyň ýylgyryşyny bir görsediňiz. Uçaýjak bolýar. Haýdabam depderlerini görkezýär. Ýaşuly ýene öwgüsini ýetirýär: «Tüweleme-tüweleme, bu depderleriň içini bäşlikden doldurmak galaýypdyr-da onda saňa?!».

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Şöhrata beslenen Diýar Halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagy, raýatlaryň hukuk kepillikleriniň berkidilmegi, döredijilik işjeňligi täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ösüşlere beslenýän döwletimiziň her güni buýsançly wakalardan doly. Agzybir halkymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy häzirki döwrüň şertleri bilen utgaşdyryp, berkararlygyň we bagtyýarlygyň röwşen ýolunda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanjak günlerinde türkmen halkynyň asylly däbine öwrülen we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine birnäçe wagtdan bäri taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat kitaphanasynda ýaşuly hem-de ýaş nesillerimiziň, dürli pudaklarda zähmet çekýän zähmetkeşleriň arasynda «Şöhrata beslenen Diýar» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň syýasy we taryhy ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Biraýlyga taýýarlykly barylýar

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu giň göwrümli çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda hem birnäçe çäreler geçirilýär. Üstümizdäki şanly ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek, onuň çäginde wagyz-nesihat çärelerini guramak ugrunda etrabymyzda degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Onuň dowamynda mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmek, bu boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçiriljek duşuşyklardyr maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaz. Biz ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary boýunça täsirli wagyz-nesihat çärelerini guramagy meýilleşdirýäris.