Umumymilli foruma taýýarlykly barylýar

2 Sentýabr 2024
83

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriljekdigi bilen baglylykda, şu günler agzalan umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Taýýarlyk işleriniň çäginde ilatyň arasynda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti wagyz edilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan wagyz-nesihat, düşündiriş işleri işjeňlikde geçirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri täze taryhy döwrümizde döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekden, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekden, teklipleri işläp taýýarlamakdan, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Biz ildeşlerimiziň arasynda alyp barýan düşündiriş işlerimizde şular dogrusynda gürrüň etmek bilen birlikde, Watanymyzyň beýik ösüşleri, ajaýyp üstünlikleri barada hem durup geçýäris.

Süleýmanguly AŞYROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar