Jadyly dünýä syýahat

30 Awgust 2024
105

Mekan ÇARYÝEW,
«Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň 4-nji kitap dükanynyň satyjy-maslahatçysy:

— Gahryman Arkadagymyz: «Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar» diýip belleýär. Şoňa görä-de, biziň baş maksadymyz — ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak we olarda kiçilikden kitaphana gatnamak endigini kemala getirmek. «Kitapsöýüji nesiller» ady bilen kitap şüweleňini guramagymyzyň düýp maksady hem şundan ybaratdyr. Dükanymyzda dünýäniň meşhur kitaplaryny hem tapyp bolýar. Aýratynam, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary söýlüp okalýar. Çünki bu kitaplar röwşen geljege alyp barýan başlangyçlary, parasatly garaýyşlary özünde jemleýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar