Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany

2 Sentýabr 2024
95

Daşoguz şäherindäki Magtymguly meýdançasynda «Garaşsyzlyk – dillerimiziň dessany» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda, ilki bilen, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.  Soňra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň galkynyşly döwrümizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Welaýatymyzyň bagşylar toparlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary baýramçylyk çäresine özboluşly millilik çaýdy. Şeýle hem bu ýerde guralan kitap sergisi çärä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlarda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan döwletli tutumlara bolan buýsanç aýdyň duýuldy. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda eşretli zamanany halkyna peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri hoş owazly nagmalaryň üsti bilen joşgunly beýan edildi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.
Beýleki habarlar