Çagalar üçin peýdaly sport görnüşi

24 Ýanwar 2024
429

Keselleriň öňüni almakda, olary bejermekde, adamyň sagdyn hem ruhubelent bolmagynda sportuň peýdasy uludyr. Sporta «Saglygyň sakasy» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Her gün 30-60 minut sport bilen meşgullanmak sagat we berk bedenli bolmaga ýardam edýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, çagalar üçin peýdaly sport görnüşleriniň biri-de suwda ýüzmekdir. Onuň çaganyň sagdyn ösmegi üçin peýdaly taraplary köpdür. Bedeniň yssy hem sowuk howa çydamlylygyny artdyrýar we taplaýar. Çaga seýrek syrkawlaýar. Ol el-aýak, bil myşsalarynyň çeýeligini berkidýär. Çaga suwda ýüzýän wagtynda ýadamaýar we onuň ähli myşsalary hereket edýär. Lukmanlar suwda ýüzmegiň ýürek-damar işjeňligini berkidýändigini, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni alýandygyny, dem alşy kadalaşdyrýandygyny, çaganyň nerw ulgamyna, aň-düşünjesine hem oňyn täsiriniň bardygyny aýdýarlar. Suwda ýüzmegiň umumy beden berkidiji aýratynlygy bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan çaga lukmanynyň aýdyşy ýaly, suwda ýüzmek çaganyň ömrüni halas etmegiň möhüm durmuş endigidir. Ol çydamly, güýçli we bedeniň çeýe bolmagynda ähmiýetlidir. Arassa mylaýym suw beden bilen galtaşanda, sagdynlyk, ruhubelentlik we şähdaçyklyk berýär. 

Beýleki habarlar