Biraýlyga taýýarlykly barylýar

30 Awgust 2024
120

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu giň göwrümli çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda hem birnäçe çäreler geçirilýär.

Üstümizdäki şanly ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek, onuň çäginde wagyz-nesihat çärelerini guramak ugrunda etrabymyzda degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Onuň dowamynda mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmek, bu boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçiriljek duşuşyklardyr maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaz. Biz ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary boýunça täsirli wagyz-nesihat çärelerini guramagy meýilleşdirýäris.

Laçyn MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar